Talyplaryň arasynda maliýe dersi boýunça halkara bäsleşik geçiriler

Şu gün, 18:38298
1 / 2

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty maliýe dersi boýunça III Açyk halkara olimpiadany hem-de «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahaty geçirer.

Maliýe dersi boýunça halkara bäsleşik 13-nji noýabrda onlaýn görnüşinde geçer. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar. Bäsleşik özbaşdak (şahsy) görnüşde geçirilip, her bir ýokary okuw mekdebinden dörtden köp bolmadyk talyp gatnaşyp biler. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan utuklaryň netijeleri boýunça kesgitleniler.

Internet-olimpiadasyna gatnaşmak isleýänler 10-njy noýabra çenli bellenilen nusga laýyklykda maglumatlary guramaçylyk toparynyň tsiem.olymp@gmail.com hem-de tsiem.muhanow@gmail.com elektron salgylaryna ibermelidir.

Şeýle hem 27-nji noýabrda institutda utgaşykly görnüşde «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly III halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Foruma Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri çagyrylýar.

Halkara ylmy-amaly maslahat üç bölümçe boýunça geçer:

  • Ykdysadyýeti durnukly ösdürmegiň geljekki ugurlary;

  • Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe mehanizminiň orny;

  • Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde menejmentiň we marketingiň orny.

Maslahata gatnaşmak isleýänler 12-nji noýabra çenli degişli tezisleri, synlary we çykyşlary guramaçylyk toparynyň tsiem.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermelidir. Maslahatyň we bäsleşigiň resmi dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu çäreler özara bähbitli ylmy bilimleri we amaly tejribeleri alyşmaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de dünýä döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.