Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara hukugy we global dünýä» atly ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň netijeleri jemlendi.
Bäsleşikde birinji orny «Çagalaryň hukuklary: halkara we milli hukuk goragynyň aýratynlyklarynyň seljermesi» atly ylmy işi bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň III ýyl talyby Bahtyýarow Mansur eýeledi.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
I orun:
Bahtyýarow Mansur (Magtymguly adyndaky TDU, III ýyl) — «Çagalaryň hukuklary: halkara we milli hukuk goragynyň aýratynlyklarynyň seljermesi».
II orun:
Paşşyýewa Maýsa (TIIMI, IV ýyl) — «Kämillik ýaşyna ýetmedikler babatda adyl kazyýetlik ulgamyny kämilleşdirmegiň halkara tejribesi»;
Arnazarowa Nurana (HGI, III ýyl) — «Sanly gurşawda çagalaryň hukuklarynyň halkara goraglylygy: halkara ülňüler we Türkmenistanyň tejribesi»;
Mämmedow Ýazdan (Harby institut, III ýyl) — «Hazar deňzi: ulag logistika ulgamynyň döwrebap ugry»;
Käbäýewa Gülaýym (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, I ýyl) — «Sanly giňişlikde şahsy maglumatlaryň halkara hukuk goragy: Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi».
III orun:
Atajanowa Şirin (Milli howpsuzlyk instituty, V ýyl) — «Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlary»;
Myratberdiýewa Mähriban (Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, I ýyl) — «Hazar deňziniň ewolýusiýasy: Türkmenistanyň täze institusional sanly gurallary»;
Ersaryýew Hydyr (HGI, IV ýyl) — «Daşky gurşawy goramagyň halkara-hukuk esaslary we kazyýet tejribesi»;
Arrykow Guwançmyrat (Magtymguly adyndaky TDU, IV ýyl) — «BMG-niň Ýaşlar strategiýasy: halkara hukuk tejribesi we milli hukukda durmuşa ornaşdyrylyşy».
Esasy orunlardan başga-da, işjeň gatnaşan talyplar höweslendiriji orunlara mynasyp boldy. Doly sanawy bilen Magtymguly adyndaky TDU-nyň resmi saýtynda tanşyp bilersiňiz.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we höweslendiriji orunlara mynasyp bolan talyplara guramaçylar tarapyndan degişli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşik «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň öňe sürülmegi mynasybetli geçirildi.