Türkmen we daşary ýurt talyplary ekologiýa boýunça internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Şu gün, 18:38318

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ekologiýa boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Halkara bäsleşige ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hünärine we ýylyna garamazdan, ähli isleg bildirýän talyplar gatnaşyp biler.

Ylym-bilim bäsleşigi 27-nji noýabrda özbaşdak (şahsy) bäsleşik görnüşinde geçiriler. Olimpiadanyň çäginde gatnaşyjylara populýasion ekologiýa we biosfera, adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri, senagat ekologiýasy, ekologiýa gözegçiligi we ekologiýa kanunçylygy, şeýle-de halkara guramalar ýaly ugurlar boýunça ýumuşlar hödürlener.

Talyplara ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berler. Halkara olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar.

Bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we goldamaga, talyplaryň döredijilik we ylmy-barlag mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýaşlaryň arasynda ekologik sowatlylygy ösdürmäge hem-de ylym-bilim ulgamynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.