28-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine amala aşyran tanyşlyk sapary tamamlandy. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçirilen bu sapar inklýuziw bilim hem-de saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary we maýyplygy bolan adamlary goldamagyň integrirlenen ulgamy boýunça halkara tejribäni öwrenmäge gönükdirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Portugaliýa maýyplygy bolan adamlar, şol sanda çagalar üçin adam hukuklaryna esaslanýan hemmeteraplaýyn inklýuziw gurşawy, döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamy we öňdebaryjy tejribesi bolan ýurt hökmünde giňden tanalýar, onuň inklýuziw bilim ulgamy halkara etalon hasaplanylýar.
Saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri inklýuziw bilim we maýyplygy bolan adamlary goldamagyň integrirlenen gurşawy babatda ýurtda toplanan oňyn tejribeler, amaly çemeleşmeler we utgaşdyrylan hyzmatlar ulgamy bilen tanyşdy.
Wekiliýetiň agzalary Lissabon şäherinde bilim ulgamynyň dürli basgançaklaryna degişli öňdebaryjy bilim edaralaryna we ýöriteleşdirilen okuw merkezlerine baryp gördi. Saparyň çäginde pedagoglardan, psihologlardan we logopedlerden ybarat multidissiplinar toparlaryň işini guramak, aýratyn bilim zerurlyklary bolan çagalar üçin özbaşdak okuw meýilnamalaryny taýýarlamak we bilim edaralarynyň fiziki gurşawyny çagalara uýgunlaşdyrmak boýunça giňişleýin tejribe alşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda adam hukuklaryna we çagalaryň bähbitlerine esaslanyp, her bir çaganyň elýeterli, adalatly we ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan ulgamlaýyn işler barada pikir alşyldy.
Portugaliýa amala aşyrylan bu tanyşlyk sapary Türkmenistanda inklýuziw bilimi ösdürmekde, pedagogik usulyýetleri kämilleşdirmekde hem-de mekdebe çenli we umumybilim berýän mekdeplerde inklýuziw gurşawy güýçlendirmekde möhüm amaly binýat bolar.