Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
18-nji sentýabrda geçirilen bu bäsleşik ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, olaryň lukmançylyk hünärine bolan höweslerini artdyrmak we zehinli okuwçylary goldamak maksady bilen guraldy.
Bäsleşigiň jemi boýunça ýeňijiler aşakdakylardan ybarat boldy:
I orun: Sähetmyrat Garaýew – Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy;
II orun: Güljemal Maksadowa – Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy, Aýnur Annamämmedowa – Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy;
III orun: Şanazar Aşirow – Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy, Aýlar Esenowa – Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy, Mähri Atajanowa – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy.
Bäsleşigiň çäklerinde okuwçylar lukmançylyk uniwersiteti bilen tanşyp, Aşgabadyň gözel ýerlerine syýahat etdi. Soňra dabaraly sowgat gowşurylyşyk çäresine gatnaşdy.