Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy açyldy

Şu gün, 00:024,245
1 / 7

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Toplumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, diplomatlar hem-de jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdy.

Döwlet Baştutany dabarada çykyş edip, gatnaşyjylary we türkmen halkyny Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy 5 müň talyba niýetlenýär. Bu bilim ojagy 13 gatly baş binany, 8 fakulteti, 28 kafedrany, kitaphanany we mejlisler zalyny özünde jemleýär. Bilim şäherçesinde talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlary hem-de mugallymlar üçin 2 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýy göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesip, täze toplumda döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanyşdy.

Institutyň umumy meýdany 32,2 gektara barabar bolup, dolandyryş bölümler üçin niýetlenen baş binasynyň depesinde sirkulyň we ölçeg guralynyň şekilleri ýerleşdirildi. Bu bolsa paýtagtyň arhitektura keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Okuw binasynda professor-mugallymlar hem-de talyplar üçin dünýä standartlaryna laýyk gelýän ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy.

Dabara gatnaşyjy talyp ýaşlar döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.