Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Maslahatda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň gün tertibine howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek hem-de düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri girizildi.
Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Ýaragly Güýçleriň düzümlerinde gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek boýunça alnyp barlan işler bellenilip geçildi.
Şeýle hem prokuratura, içeri işler, kazyýet, milli howpsuzlyk, serhet, adalat, gümrük we migrasiýa gulluklarynda sanly ulgamy hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, kanunçylygy kämilleşdirmek, jemgyýetçilik tertibini saklamak boýunça alnyp barylýan çäreler barada aýdyldy. Sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň hem guramaçylykly geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Maslahatlaşylan meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutany prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň gullukçylary üçin täze edara binalaryny we gulluk ýaşaýyş jaýyny gurmak hakynda Kararlara gol çekdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, ýurduň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak we Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.