Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen Karara gol çekdi.
TDH agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna birnäçe täze desganyň taslamasyny taýýarlamak, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek we daş-töweregini abadanlaşdyrmak tabşyryldy. Karara laýyklykda:
- Daşoguz şäherinde Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň täze edara binasy;
- Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasy we gulluk ýaşaýyş jaýy gurlar.
Resminama «Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyny ösdürmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Täze binalaryň gurulmagy gulluk işgärleri üçin has amatly iş we ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine gönükdirilendir.