Çehiýada ýol gurluşygy mahalynda müňlerçe halta hazyna tapyldy

Şu gün, 13:58579
1 / 3

Arheologlar Bogemiýada D35 awtoýolunyň gurluşygy üçin ýer taýýarlanylýan wagty demir asyra degişli iri we baý ilatly ýerleriň biriniň üstünden bardy.

Barlagçylar bu ýerden ýüzlerçe altyn we kümüş teňňeleri, ýantar daşlaryny, bezeg şaýlary we keramika önümlerini tapdy. Tapyndylary hasaba almak we kataloglaşdyrmak üçin birnäçe aý gerek boldy. Netijede, ýygnalan artefaktlar 22 müň haltany doldurdy.

Gazuw-agtaryş işlerine Grades-Kralowedäki Gündogar Çehiýa muzeýi ýolbaşçylyk etdi. Hünärmenler bu ýerde b.e. öňki II asyra degişli La Tene döwrüniň ilatly ýerini tapdy. Onuň çäginde ýaşaýyş jaýlarynyň, ussahanalaryň we azyndan bir ybadathananyň bolandygy anyklandy.

Tapyndylaryň arasynda keltleriň altyn we kümüş teňňeleri, şeýle hem şol teňňeleri zikgelemek üçin ulanylan möhürçeler bar. Mundan başga-da, arheologlar keramiki gaplaryň böleklerini, jaýlaryň binýatlaryny, egin-eşik we bezeg şaýlaryny, aýna monjuklary hem-de kemerleriň metal böleklerini tapdy.

Muzeý bu tapyndylary «Bogemiýada ýüze çykarylan iň uly artefakt toplumlarynyň biri» diýip atlandyrdy.

«Bu ilatly ýer sebitdäki söwda we önümçilik merkezleriniň biri bolupdyr. Tapylan ýantar daşlary, altyn-kümüş teňňeler we keramika önümçiliginiň yzlary onuň uzak aralykdaky söwda ýollary bilen baglanyşykly bolandygyny görkezýär».

Ilatly ýeriň ýene bir aýratynlygy onuň gorag diwarlarynyň ýa-da berkitmeleriniň ýoklugydyr. Arheologlar bu ýeriň, esasan, söwda arkaly ösendigini we Baltika deňzi bilen Ortaýer deňzini birleşdiren gadymy söwda ýollarynyň ulgamynda, ýagny «Ýantar ýolunda» möhüm duralgalaryň biri bolandygyny çaklaýar.

Şol döwürde bu ýerde kimleriň ýaşandygy entek belli däl. Sebit, adatça, keltleriň boý taýpasy bilen baglanyşdyrylýar. Ýöne barlagçylar häzirlikçe bu çaklamany tassyklaýan anyk subutnamalary tapmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.