Hindistanda 20 ýaşly talyp ýeke özi hapa derýany arassalady

Düýn, 21:0811,169
1 / 3

Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatynda ýaşaýan 20 ýaşly talyp Surendra Singh Çaudhari birnäçe aýyň dowamynda täk öz güýjüne daýanyp, hapalanan Ajnar derýasyny arassalady. Times of India neşiriniň ýazmagyna görä, ol derýanyň hanasyny basan suwotulary, plastik çüýşeleri we beýleki dürli zir-zibilleri çykarypdyr.

Işläp ýören wagty düşürilen wideolar sosial ulgamlarda Bittu Tabahi lakamyny ulanýan bu ýigidi hakyky ýyldyza öwürdi.

Tebigy ylymlar fakultetiniň ikinji ýyl talyby Çaudhari Rajgarh etrapçasynda ýaşaýar.

Talyp arassaçylyk işine 26-njy ýanwarda — Hindistan Respublikasynyň gününde başlapdyr. Onuň aýtmagyna görä, ýoly hemişe üstünden geçensoň, ony derýanyň ýagdaýy köpden bäri alada goýupdyr.

Başda oňa dostlary kömek edipdir, emma wagtyň geçmegi bilen olar ýadap, gelmegi bes edipdirler. Netijede, işiň agramly bölegini talybyň bir öz başyna galypdyr.

Onuň maşgalasynyň ilkibaşda bu işiň tutumyndan habarlary-da bolmandyr. Hossarlary ogullarynyň bitiren işi hakynda hindi telekeçi Anand Mahindrani X sosial ulgamynda talyp barada ýazandan soň bilip galypdyrlar. Şondan soň olar Çaudharä hapa suwa ýeke özüniň girmezligini tabşyrypdyrlar.

Bu agyr iş onuň saglygyna hem täsir edipdir. Talybyň aýagyna ýokanç düşüp, el-aýagynyň derisi pakgaryp başlapdyr. Ýöne ol muňa üns bermän, derýany arassalamagyny dowam etdiripdir.

Çaudhari we dostlary iş üçin zerur enjamlara, takmynan, 30 müň hindi rupiýasyny sarp edipdirler. Zibil gutularyny bolsa ol öz puluna satyn alyp oturdypdyr.

«Adamlar näme üçin derýany hapalaýarka? Men şoňa teý akyl ýetirip bilemok. Olaryň "beýtmäň" diýeniň bilen saklanjak gümanlaram ýok» diýip, talyp janygyp gürrüň berýär.

Indi Çaudhari bu işini has uly möçberde dowam etdirmegi maksat edinýär. Surendranyň wideolary meşhur niderlandly oýlap tapyjy, ummanlary plastikden arassalaýan «The Ocean Cleanup» Bütindünýä ekologiýa guramasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Boýan Slatyň hem gözüne ildi. Ýigide haýran galan Slat X sosial ulgamyndaky sahypasynda oňa ikirjiňlenmezden: «Bize işe gel» diýip teklip etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.