Serbiýada rim imperatorynyň ulanan gadymy hammamy tapyldy

Düýn, 17:295,269
1 / 2

Serbiýadaky Wrelo-Şarkamen ýadygärliginde geçirilen işleriň dowamynda arheologlar hususy hammam toplumynyň galyndylaryny ýüze çykardy. Toplum gyzdyrylýan poly, üç sany basseýni we saunany öz içine alýar diýip, «LiveScience» habar berýär.

Tapyndy IV asyryň başynda gurlan berkitmeli ýaşaýyş toplumynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy. Taryhy maglumatlara görä, 310 - 313-nji ýyllar aralygynda bu toplum rim imperatory Maksimin II Dazanyň eýeçiliginde bolupdyr.

Alymlar hammam toplumyny uly diňiň aşaky böleginiň günorta-günbatar burçunda ýüze çykardy. Gadymy hammamlaryň köpüsinden tapawutlylykda, bu desganyň alty penjireli gümmezi bolupdyr. Adatça, şeýle hammamlarda otaglar bir hatara ýerleşdirilip, bitewi meýilnama esasynda gurlupdyr.

Alymlar tarapyndan «sudatoriý», ýagny bug bölümi diýlip kesgitlenen hammamyň bir bölegi

Toplum iki bölümden ybarat bolup, olaryň biri hammamyň işlemegi üçin zerur bolan enjamlara, beýlekisi bolsa ýuwunmak we dynç almak üçin niýetlenipdir. Birinji otagda arheologlar poly gyzdyrmak üçin ulanylan peji hem-de suwy gyzdyrmaga niýetlenen mis gazanyň esasyny tapdy. Emma gazanyň özi biziň günlerimize çenli saklanyp galmandyr.

Imperatoryň otaglarynyň ýerleşen böleginde alymlar ýuwunmak üçin niýetlenen üç basseýni, şeýle hem sudatorini — bugly hammamy ýa-da saunany ýüze çykardy.

Alymlaryň bellemegine görä, bu toplum diňe bir şahsy arassaçylyga niýetlenen ýer bolman, eýsem, ýokary wezipeli köşk adamlary üçin kämil taslanan hususy hammam bolupdyr. Onuň gurluşygynda binagärlik çözgütleri, tehniki ulgamlar we rahatlyk bir bitewi sazlaşykly ulgamy emele getiripdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.