Norwegiýanyň Ýutunheýmen dag gerşinde «Secrets of the Ice» taslamasynyň çäklerinde üç hepdelik ekspedisiýa tamamlandy. Buzluklaryň eremegi netijesinde arheologlar ol ýerden 48 sany taryhy eýýamyň artefaktyny çykardylar. Iň gadymy tapyndy buzda 5–6 müň ýyl töweregi ýatandygy çaklanylýan, ujy inçe slanes daşyndan ýasalan peýkam boldy.

Beýleki täsin tapyndylaryň arasynda ujy mollýuskanyň gabygyndan ýasalan we takmynan, 3600 ýyllap diýen ýaly bitewi saklanan peýkam, şeýle hem süňkden we demirden ýasalan peýkam uçlary bar. Gözlegçiler 2006-njy ýyldan bäri bu ýerlerden 5000-den gowrak taryhy tapyndyny ele saldylar. Olaryň arasynda deri aýakgap we dünýäde iň gadymy agaç lyžalary hem bar.

Şeýle-de bolsa, täze tapyndylaryň şatlygy alymlaryň global maýlamaklyk hakdaky aladasy bilen utgaşýar. Müňlerçe ýyllap eremän gelen buz gatlaklary indi çalt ereýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, sebitdäki buzluklar ýene 20 ýyldan düýbünden ýok bolup biler.
«Biz işimiziň gapma-garşylykly taraplaryna hemişe düşünýärdik. Emma şu ýyl bolup geçýän ýagdaý ilkinji gezek duýgy taýdan bize şeýle güýçli täsir etdi. Bu örän agyr ýagdaý. Tebigat ençeme ýyllap bize duýduryş berdi, dürli alamatlary görkezdi. Indi bolsa ol hem çydam edip bilmeýär. Indi buzlar diňe eräp ýok bolar» diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Espen Finstad aýtdy.
Häzirki wagtda tapylan artefaktlar Norwegiýanyň Lomadaky dag merkezinde sergä çykaryldy. Dekabr aýynda bolsa olar konserwasiýa işlerini geçirmek üçin Oslodaky Taryhy-medeni muzeýe iberiler.