Müsüriň hökümeti, takmynan, 4000 ýyl mundan ozal ýaşap geçen gadymy ruhany Nehtiň mumiýasynyň Şotlandiýadan yzyna getirilmegini talap etdi. Gürrüň häzirki wagtda Glazgodaky Kelwingrouw çeperçilik galereýasynda we muzeýinde saklanýan galyndylar barada gidýär diýip, Bloomberg ýazýar.
Müsüriň syýahatçylyk ministri Şerif Fathi Şotlandiýanyň hökümeti bilen gepleşikleriň geçirilýändigini we mumiýanyň yzyna gaýtarylyp alynmagy üçin zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Oktýabryň ahyrynda eýýäm muzeý Nehtiň galyndylaryny sergiden aýyrdy. Muňa galyndylaryň köpçülige görkezilmegi üçin «merhumyň» ýa-da onuň nesilleriniň razylygynyň ýoklugy sebäp boldy. Şeýle resminama Halkara muzeýler geňeşiniň ýakynda täzelenen ahlak düzgünlerine laýyklykda talap edilýär.
Müsür köp ýyllardan bäri ýurtdan äkidilen gadymy artefaktlaryň yzyna gaýtarylmagy ugrunda iş alyp barýar. 2025-nji ýylyň awgust aýynda ýurtdan bikanun äkidilen 13 sany artefakt Germaniýadan we Beýik Britaniýadan Müsüre gaýtarylyp getirildi. Şeýle-de 2003-nji ýylda faraon Ramses I-niň XIX asyrda ogurlanan mumiýasy hem yzyna gaýtarylyp berlipdi.
Ruhany Neht, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki 1985 - 1797-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Onuň gubury we galyndylary XX asyryň başynda Beni-Hasanda gazuw-agtaryş işleri geçirilen wagtynda tapylypdyr. 1923-nji ýylda mumiýa nagyşly agaç sarkofagy bilen birlikde Glazgo şäherine peşgeş berlipdir.