Ispaniýadaky gowakdan 19 müň ýyl öň çekilen 280 surat tapyldy

Şu gün, 18:181,843
1 / 6

Ispaniýanyň Kataloniýa sebitindäki Kowa-de-la-Font-Maýor gowagynda, takmynan, 19 müň ýyl ozal gaýanyň ýüzüne çekilen azyndan 280 şekilden ybarat galereýa ýüze çykaryldy. Tapyndylar barada Antiquity žurnalynda çap edilen makalada gürrüň berilýär.

Bu açyş Kataloniýanyň Adam paleoekologiýasy we jemgyýetçilik ewolýusiýasy institutynyň ylmy işgäri Hosep Mariýa Werges Bosh tarapyndan edildi.

Alym syýahatçylaryň arasynda meşhur bolan gowagyň ozal känbir öwrenilmedik şahasynda ilkinji gezek barlag geçirdi. Galereýanyň diwarlary 1957-nji ýyldan bäri gelýänleriň galdyran häzirki zaman ýazgylary we şekilleri bilen örtülendi. Werges Bosh gowagyň ýüzüni has içgin synlamak üçin maňlaý çyrasynyň yşygyny belli bir burç astynda tutdy. Şonda häzirki zaman ýazgylarynyň arasyndan gadymy çyzyklary gördi. Az salymdan bolsa ol garşysyndaky diwarda oýulyp çekilen atyň şekilini ýüze çykardy.

Häzirki wagta çenli hünärmenler 280 sany şekili, şol sanda haýwanlaryň 55 sany şekilini anykladylar. Olaryň arasynda atlar, şeýle hem başyny aşak salyp duran keýigiň şekili bar.

Gözlegçi Miriam Salas-Altes haýwanyň tumşugynyň öňündäki tebigy gaýa jaýrygynyň keýgiň suw içýän howdanyny aňladýan bolmagynyň mümkindigini çaklaýar. Eger bu çaklama tassyklansa, onda ol sungatyň taryhynda suwuň şekillendirilen iň irki belli bolan nusgalarynyň biri bolar.

Galereýada haýwan şekillerinden başga-da, köp sanly anyk şekile meňzemeýän nagyşlar hem tapyldy. Olaryň arasynda iki, üç we dört çyzykdan ybarat toparlar, biri-birine parallel çekilen 40 çyzykdan ybarat hatarlar, Y görnüşli belgiler, şeýle hem tegelek we ýarym tegelek şekiller bar. Olaryň manysy häzirlikçe belli däl.

Nagyşlaryň haçan döredilendigini takyk kesgitlemek üçin entek goşmaça barlaglar zerur. Mälim bolşy ýaly, adamlar bu gowakda mundan 26 müň ýyldan 41 müň ýyla çenli ozal ýaşapdyrlar. Şekilleriň çeperçilik aýratynlyklary bolsa olaryň azyndan 19 müň ýyl ozal çekilendigini çaklamaga esas berýär.

Gözlegçileriň bellemegine görä, bu açyş Pireneý ýarym adasynda paleolit döwrüniň sungatynyň ýaýraýşy baradaky maglumatlaryň üstüni ýetirýär. Şeýle hem ol köp wagtdan bäri belli bolan arheologik ýadygärlikleriň özünde gadymy medeniýete degişli entek öwrenilmedik yzlary saklap biljekdigini görkezýär.