Klimtiň 30 ýyl bäri hususy eýeçilikde saklanan eseri indi 80 million dollara satylýar

Düýn, 16:302,318
1 / 2

Christie’s auksion öýi awstriýaly suratkeş Gustaw Klimtiň 1915–1916-njy ýyllarda çeken «Litzlbergkeller» atly peýzaž eserine satlyga çykarar. Auksion 17-nji noýabrda Nýu-Ýorkda geçiriler. Eseriň deslapky bahasy 60–80 mln dollar aralygynda kesgitlenýär.

Soňky 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda surat bir hususy kolleksiýada saklanypdyr. Onuň häzirki eýesiniň ady aýan edilmeýär. Aýdylyşyna görä, eser onuň maşgalasy tarapyndan 1997-nji ýylyň maý aýynda Sotheby’s auksionynda 14,7 mln dollara satyn alnypdyr. Şol döwürde bu baha Klimtiň eserleri üçin rekord bolupdy. Inflýasiýany göz öňünde tutanyňda, şol pul häzirki wagtda, takmynan, 30,9 mln dollara deňdir.

Suratda Awstriýanyň Atterze kölüniň demirgazyk kenarynda ýerleşýän «Litzlbergkeller» piwo önümçiligi kärhanasy we myhmanhanasy şekillendirilýär. Suratkeş tomus paslyny, köplenç, şu kölüň kenarynda geçiripdir. Kompozisiýany döreden wagty Klimt kölüň garşysyndaky kenardan dürbi arkaly syn eden görnüşlerinden we gutlag suratlaryndaky şekillerden peýdalanypdyr.

Eseri bank eýesi we sungat howandary Otto Primawesi sargyt edipdir.

Dürli ýyllarda bu surat birnäçe kolleksioneriň, şol sanda Nýu-Ýorkdaky Täze galereýanyň esaslandyryjylarynyň biri Serž Zabarskiniň eýeçiliginde bolupdyr. Şeýle hem ol Wenanyň Sesession sergisinde, Sýurihdäki Kunsthausda we Wenadaky Leopold muzeýinde görkezilipdir.

Klimtiň eserleri boýunça auksion rekordy 236,4 mln dollara deňdir. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda onuň «Elizabet Ledereriň portreti» atly eseri hut şu baha satylypdyr. Suratkeşiň auksionlarda satylan iň gymmat on suratynyň altysynyň peýzaž görnüşindäki eserlerdiginem bellemek gerek.