Hindi suratkeşi Amar Kale hoşboý ysly tagam berijileri ulanmak arkaly dünýäde iň uly suraty döredip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň döreden eseriniň umumy meýdany 175,82 inedördül metre deň boldy.
Hindistanyň Karnataka ştatynyň Dharwad şäherinde ýaşaýan höwesjeň suratkeş Amar Kale bu eseri döretmek üçin tebigy önümleri — kurkumanyň we gyzyl ajy burçuň külkesini suwa garyp ulanypdyr. Ol nah matanyň ýüzüne Karnataka ştatynyň kartasynyň üstünde şekillendirilen Hampi ybadathana toplumyndaky meşhur daş arabasynyň suratyny çekdi.
Suratkeşiň aýtmagyna görä, bu eser Hindistanyň baý medeni mirasyna, şeýle-de ýurduň dünýäde hoşboý ysly tagam berijileriň söwdasyndaky taryhy ornuna goýlan hormatyň nyşanydyr.

Şeýle ägirt suraty döretmek üçin nakgaşyň örän ünsli we tükeniksiz sabyr-takatly bolmagy zerur. Sebäbi ürgün tebigy önümler bilen işlemek, onda-da, ownuk we inçe şekilleri çekmek örän çylşyrymlydyr.
Amar Kale üçin bu ilkinji rekord däl. Ol mundan öň hem agzy bilen surat çekmek we gysga wagtyň içinde barmak yzlary arkaly şekil döretmek ýaly täsin döredijilik üstünlikleri bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.