Arheologlar Parižiň düýbüniň tutulan ýerini tapdylar

Düýn, 21:282,664
1 / 3

Fransuz arheologlary Parižiň bibi Merýem ybadathanasynyň golaýyndaky Site adasynda haýran galdyryjy açyş etdi. Olar Hôtel-Dieu hassahanasynyň astynda dört metr çuňlukda daşdan we agaçdan ýasalan gadymy diwaryň 20 metr uzynlykdaky bölegini tapdy diýip, Le Monde ýazýar.

Alymlar bu ýeriň Parižiň taryhy merkezi bolandygyny we şäheriň düýbüniň hut şu ýerde tutulandygyny yglan etdi.

Bu açyş şähere "Pariž" diýip at beren pariziler taýpasynyň ýaşan ýeri bolan, Rim döwründen öňki Lutesiýa ilatly nokadynyň hakykatdanda bolandygynyň ilkinji maddy subutnamasy hasaplanýar.

Ozal bu barada diňe Ýuliý Sezaryň "Galliýa urşy hakyndaky ýazgylar" ýaly ýazuw çeşmelerinden bellidi. Taryhçylar onuň takyk ýerleşen ýeriniň Sitedeligi ýa-da häzirki şäher etegi Nanterdeligi barada jedelleşýärdi.

Ol ýerden naýza uçlary, teňňeler we ýanan tohumlar hem tapyldy.

Oduň yzlarynyň bolmagy aýratyn gyzyklanma döretdi.

Tapylan diwaryň köýen agajynyň radiouglerod seljermesi bu gurluşyň biziň eýýamymyzdan öňki 200-nji we 10-njy ýyllar aralygyna degişlidigini görkezdi. Bu biziň eýýamymyzdan öňki 52-nji ýyla, meşhur Lýutesiýa söweşiniň bolan ýylyna gabat gelýär. Ýyl ýazgylaryna görä, galliýalylar çozup gelýän rim legionlarynyň eline düşmez ýaly, öz berkitmeli şäherlerini ýakyp, köprüleri weýran edipdirler.

Fransiýanyň medeniýet ministri Katrin Pegar bu açyşy "möhüm öňegidişlik" diýip atlandyrdy. Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýerine baryp gören Parižiň şäher häkimi Emmanýuel Greguar bolsa duýgularyny şeýle beýan etdi:

"Parižiň dörän ýerinde durandygyňy duýmagyň özi seriňi sämedip barýar".