Wan Goguň $180 millionlyk suratynyň auksiona çykarylmagy kazyýet dawasyna getirdi

Şu gün, 10:551,145
1 / 2

Nemes neşirýatçysy Samuel Fişeriň mirasdüşerleri Sotheby's auksion öýünden Winsent Wan Goguň «Gülleýän kaştanlar» atly eserini satuwdan aýyrmagy talap etdiler. Maşgala wekilleri bahasy çak bilen 180 million dollar töweregi bolan bu eseriň 1936-njy ýylda nasist düzgüniniň yzarlamalary netijesinde ýüze çykan ýetde-gütdelik sebäpli satylan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.

Mirasdüşerleriň bähbitlerini Berlinde işleýän aklawçy Gunar Şnabel goraýar. Ol eseriň şol döwürde bazar bahasyndan satylandygyny we maşgalanyň nasistleriň häkimiýete gelmegine garamazdan, ony satmak kararyna gelendigini tassyklaýan resminamalaryň görkezilmegini talap etdi. Aklawçynyň pikiriçe, munuň şeýledigi subut edilmese, surat auksiona çykarylmaly däl. Şnabel bu jedeli 1998-nji ýylda kabul edilen Waşington ýörelgelerine laýyklykda çözmegi hem teklip etdi.

Sotheby's auksion öýüniň wekilleri hem öz gezeginde, eseriň eýeçilik taryhyny öwrenendiklerini, emma onuň mejbury ýagdaýda satylandygyny tassyklaýan subutnamalary häzirlikçe tapmandyklaryny mälim etdiler. Şeýle-de bolsa, olar mirasdüşerleriň aladasyna düşünýändiklerini we gepleşikleri dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini-de bellediler. Beýanatda eseriň auksiondan aýryljakdygy ýa-da aýrylmajakdygy barada anyk maglumat berlenok.

S. Fischer Verlag neşirýatynyň esaslandyryjysy Samuel Fişer «Gülleýän kaştanlar» atly eseri 1909-njy ýylda satyn alypdyr. Bu neşirýat bilen Tomas Mann, German Gesse we Alfred Dýoblin ýaly tanymal ýazyjylar hyzmatdaşlyk edipdirler. Fişer 1934-nji ýylda aradan çykandan soň, neşirýata onuň giýewsi Gotfrid Berman Fişer ýolbaşçylyk edipdir.

Nasistler häkimiýete gelenden soň, kompaniýanyň ýagdaýy ýaramazlaşýar. Neşirýatyň köp sanly awtoryna eserlerini çap etmek gadagan edilýär, neşirýat bolsa ikä bölünýär. Berman Fişer Berlinden Wena göçýär.

1932-nji ýa-da 1933-nji ýylda maşgala Wan Goguň suratyny we Pol Sezannyň iki eserini wagtlaýyn saklamak üçin Amsterdamdaky Paul Cassirer galereýasynda işleýän sungat dellaly Walter Feýhenfeldte tabşyrypdyr. 1936-njy ýylda «Gülleýän kaştanlar» satylypdyr. Häzirki jedel hem hut şol satuwyň nähili şertlerde amala aşyrylandygy bilen baglanyşyklydyr.

Surat 18-nji noýabrda Nýu-Ýorkda geçiriljek Sotheby's auksionynyň esasy eserleriniň biri bolmaly. Umuman, söwdalara impressionizm, postimpressionizm we irki fowizm akymlarynyň wekilleriniň 12 sany eseri çykarylar. Olaryň arasynda Pýer Ogýust Renuaryň, Pol Sezannyň, Klod Moneniň we Edgar Deganyň işleri hem bar.