Romanowlar imperator maşgalasynyň kolleksiýasyna degişli ýakut daşy Sotheby's — Royal and Noble Jewels auksionynda $4,9 milliona satyldy, bu bolsa onuň başlangyç bahasyndan iki esseden-de gowrak ýokarydyr.
Ilkibaşda auksion öýi bu zergärlik önümini 850 müň — 1,7 mln şweýsar franky (takmynan, $1–2,1 mln) möçberinde bahalandyrypdy. Söwdalar 600 müň şweýsar frankyndan başlandy — netijede, lot 4,1 mln şweýsar frankyna satyldy.
Agramy 197,8 karat bolan taraşlanan ýakut daşy göwherlerden we dag hrustalyndan ybarat geometrik görnüşli bilezige oturdylypdyr. Bu şaý-sep 2015-nji ýylda Cartier zergärlik öýi tarapyndan ýasaldy.
Ýakudyň imperator hazynasyna haçan düşendigi näbelli. Ýöne Sotheby's auksion öýüniň bellemegine görä, taraşlanma usulyna seredeniňde, ol XIX asyryň ortalaryna çenli dowam eden Beýik Mogollar döwrüne degişli bolup biler. Rewolýusiýadan soňky döwürde düzülen Fersmanyň katalogynda bu ýakut daşy agramy 249,25 karat bolan ýene bir daş bilen bilelikde görkezilipdir. Olaryň ikisi bile gülýakany emele getiripdir.

Imperator aýal Mariýa Fýodorowna olary 1883-nji ýylda Gyşky köşkde geçirilen bal mahaly ýubkasynyň öň tarapyna dakypdyr.
1927-nji ýylda ýakut daşyny polşaly opera aýdymçysy Ganna Walska öz monjugy üçin satyn alypdyr. Soňra bu bezeg önümi ençeme gezek üýtgedilip ýasalypdyr. 1971-nji ýylda Walskanyň emlägi Sotheby's auksionyna çykarylanda, daş has gysga monjugyň düzüminde görkezilipdir. 1992-nji ýylda bolsa ýakut kolýeniň düzüminde Ženewada geçirilen Sotheby's söwdalarynda hödürlendi.