Fransiýanyň Kinematografiýa sungaty akademiýasy kino sungatyna goşan görnükli goşandy üçin Nikol Kidmana hormatly Sezar baýragyny gowşurar. Awstraliýaly aktrisa bu baýrak 2027-nji ýylyň fewral aýynda geçiriljek dabarada berler.
Akademiýanyň resmi beýannamasynda Kidman «Golliwudyň ýyldyzy we awtorlyk kinosynyň görnükli wekilleriniň biri» hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle-de onuň «hiç bir çarçuwa sygmaýan döredijilik ýoluny kemala getirendigi» we meşhurlygynyň özüne film saýlamakda hiç wagt täsir etmegine ýol bermändigi bellenilýär.
Nikol Kidmanyň kino sungatyndaky üstünlikleriniň arasynda «Sagatlar» filminde Wirjiniýa Wulfuň keşbi üçin alan Oskar baýragy, bäş sany Altyn globus, Kann kinofestiwalynyň ýörite baýragy, Berlin kinofestiwalynyň Kümüş aýy, Wenesiýa kinofestiwalynyň Wolpi kubogy, şeýle-de BAFTA we Aktýorlar gildiýasynyň baýraklary bar.
2025-nji ýylda hormatly Sezar baýragyna Jim Kerri mynasyp bolupdy. Ondan öň bu baýrak Juliýa Roberts, Kristofer Nolan, Dewid Finçer we Keýt Blanşett ýaly meşhur artistlere gowşurylypdy.