«Dünýä gözeli – 2026» adyna dominikanly Johandri Mola mynasyp boldy

Şu gün, 13:52541
1 / 6

Dominikan Respublikasyna wekilçilik eden 24 ýaşly Johandri Mola «Dünýä gözeli» (Miss World) bäsleşiginiň 73-nji möwsüminiň ýeňijisi boldy. Bu barada «Miss World» guramasynyň resmi sahypasynda habar berildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 5-nji sentýabrda Wýetnamyň Nýaçang şäherinde geçirildi. Ýurt bu bäsleşigi taryhda ilkinji gezek kabul edensoň, bu çäre üçin öň görülmedik derejede giň we owadan sahnalaryň birini taýýarlady. Baş baýrak ugrunda 111 gatnaşyjy bäsleşdi.

Birinji «wise-gözel» adyna ispaniýaly Elizabet Reýnes, ikinji «wise-gözel» titulyna bolsa malaýziýaly Taanusiýa Çetti mynasyp boldy.

Bäsleşik Wýetnamyň demirgazygynda başlap, soňra Nýaçangda dowam eden dört hepdelik festiwalyň jemleýji çäresi boldy.

Johandri Mola özüniň model karýerasyny iňlis dili we edebiýaty, şeýle-de jemgyýeti öwreniş sapagy boýunça mugallymçylyk etmek bilen utgaşdyrýar. Şeýle-de ol kyn durmuş şertlerindäki maşgalalaryň çagalaryna dil öwrenmäge ýardam berýän «Voices of Tomorrow» haýyr-sahawat gaznasyna ýolbaşçylyk edýär.

Onuň ýeňşi Dominikan Respublikasy üçin 44 ýyldan soň gazanylan ikinji üstünlik boldy. Ýurda birinji gezek 1982-nji ýylda Mariasela Alwares ýeňiş getiripdi.

Bu ýyl bäsleşige gussa çaýan waka hem boldy: 26 ýaşly «Indoneziýanyň gözeli» Putri Jufiçi 2026-njy ýylyň 14-nji awgustynda, öz doglan gününde aradan çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.