Nanotirannus «Jodiniň» ystyhany $6–9 milliona satuwa çykarylar

Şu gün, 07:53152

«Jodi» diýlip atlandyrylan nanotirannusyň ystyhany oktýabr aýynyň soňunda Nýu-Ýorkda Sotheby's auksionyna çykarylar. Auksion öýi oňa 6–9 million dollar möçberinde baha kesýär, ýöne şeýle tapyndylaryň deslapky bahasy, köplenç, söwdanyň netijesinden pes bolup çykýar diýip, Financial Times ýazýar.

Sotheby's öýüniň maglumatlaryna görä, «Jodi» — nanotirannusyň (Nanotyrannus) ylma mälim bolan üç ystyhanynyň biri we alymlar tarapyndan bu görnüşiň özbaşdaklygy tassyklanandan soň satuwa çykaryljak ilkinji skeletdir.

Beýikligi 2 metr töweregi, uzynlygy bolsa 6 metr töweregi bolan bu ystyhany 2019-njy ýylda Montanada fermer Jodi Pirson tapdy. Gazuw-agtaryş işlerini täjirçilik paleontology Kleýton Fipps geçirdi.

80 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda paleontologlar nanotirannusyň özbaşdak görnüşdigi ýa-da tirannozawr reksiň ýaş nusgasydygy barada jedelleşip geldi. Bu çekeleşigi Lindsi Zanno bilen Jeýms Napoliniň 2025-nji ýylda neşir edilen makalasy çözdi. Barlag nanotirannusyň tirannozawr bilen bir wagtda ýaşan özbaşdak görnüşdigini görkezdi.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, hem ylym üçin ähmiýetli, hem daş keşbi juda täsirli nanotirannusyň auksionda uly gyzyklanma döretjegine garaşylýar.