Moneniň köp ýyllap köpçülige görkezilmedik eseri satuwa çykarylýar: oňa $30 mln baha kesdiler

Şu gün, 18:50455
1 / 2

Fransuz suratkeşi Klod Moneniň 19241925-nji ýyllarda çeken "Irisler" atly eseri ilkinji gezek açyk auksiona çykarylar. Sotheby's bu nakgaşlyk eserini 22-nji oktýabrda Parižde satuwa goýar. Onuň deslapky bahasy bolsa 2230 million ýewro aralygynda bolar.

"Irisler" Žanna Şlýumberže tarapyndan 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýygnalan Le Temps Retrouvé: The Schlumberger Collection hususy toplumyna girýär. Kolleksiýanyň umumy bahasy 64 million dollardan geçýär.

Moneniň bu eseri öň hiç haçan köpçülige görkezilmändi.

Eser suratkeşiň döredijiliginiň soňky döwrüne degişli bolup, Parižiň eteginde ýerleşýän Žiwernidäki öýünde döredilipdir. Mone meşhur suw liliýalaryny hem-de şol äheňdäki beýleki suratlaryny hem hut şol ýerdäki bagynda çekipdir.

Sotheby's "Irisleriň" bu toplumyň çäginde auksionda hödürlenen iň ähmiýetli eserleriň biridigini belleýär. Surat Žanna Şlýumberžäniň goldawy bilen galereýanyň eýesi Katýa Granoff tarapyndan satyn alyndy. Olar Moneniň soňky nakgaşlyk eserlerini impressionizmiň soňy hökmünde däl-de, modernizmiň we abstraksiýanyň gözbaşynda durýan eserleriň biri hökmünde kabul edipdirler.

"Irisler" bilen birlikde, Moneniň ýene bir işi – "Leýlisaç" suraty hem auksiona çykarylar. Oňa 9–12 million ýewro baha kesilýär.

Le Temps Retrouvé kolleksiýasyna Pol Sezannyň, Pýer Bonnaryň, Gýustaw Moronyň, Gýustaw Kurbeniň, Kamilla Klodeliň, Ežen Delakruanyň we Haim ​​Sutiniň eserleri hem girýär.

Moneniň çeken suratlary impressionistleriň iň gymmat eserleriniň arasynda yzygiderli orun alýar. 2019-njy ýylda onuň "Bede küdesi" suraty Sotheby's-de 110,7 million dollara satyldy bu impressionist eseri üçin rekord baha bolmagynda galýar. Şondan bir ýyl öň bolsa "Gülleýän suw liliýasy" eseri Christie's auksionynda 84,6 million dollara satylypdy.