"Notting Hill" filminde görkezilen gök gapyly jaý Londonda satuwa çykaryldy. Jaýyň bahasy 7,95 million funt sterlinge (takmynan, 10,5 million dollara) deňdir.
Jaýyň meýdany, takmynan, 3000 inedördül fut (279 inedördül metr). Onda üç ýatylýan otag, iki hammam, birleşdirilen aşhana, naharhana we myhman otagy, iş otagly galereýa, howly we üçeginde ýapyk terrasa bar.
Jaý Invisible Homes ýapyk bildirişler hyzmaty arkaly satylýar.

Filmde jaýyň diňe öň tarapy we girelgesi ulanyldy, içerki sahnalar bolsa pawilýonda surata alyndy. Film surata düşürilýän wagtynda emläk ssenariçi Riçard Kýortisiňkidi we ol ony film çykan dessine satdy.
2014-nji ýylda jaýy telekeçi Nil Hatçinson 4,6 million funt sterlinge satyn aldy.

"Notting Hill" romantiki komediýasy 1999-njy ýylda düşürildi. Rojer Miçelliň režissýorlyk eden bu filminde baş keşpleri Juliýa Roberts bilen Hýu Grant janlandyrdy. 42 million dollarlyk býujeti bilen film ilkinji görkezilişinde dünýä boýunça, takmynan, 363,9 million dollar girdeji gazandy.
Öýüň gök gapysy bolsa şondan bäri syýahatçylaryň üýşýän ýerine öwrüldi.
