Fransiýada geçen auksionda fransuz aktrisasy Brižit Bardonyň şahsy goşlary, takmynan, 954 müň ýewro satyldy. Bu baha olaryň ilkibaşdaky çaklanylan bahasyndan tas 20 esse ýokary diýip, Millon auksion öýüne salgylanyp, «Le Figaro» neşiri habar berýär.
«Brižit Bardo özüniň deňsiz-taýsyz alhimikdigini ýene bir gezek subut etdi: ol, takmynan, 50 000 ýewrony komissiýa töleglerini hem goşmak bilen birlikde tas bir million ýewro öwürdi» – diýip, auksion öýüniň wekili Aleksandr Millon belledi.
Auksionda ujypsyzja baha kesilen zatlara hem uly isleg bildirildi:
- Ilki 30 ýewro diýlip baha kesilen iki sany it boýunbagy 9,4 müň ýewro satyldy. Ony russiýaly bir raýat satyn aldy;
- 300 we 500 ýewro diýlip baha berlen iki gitara, degişlilikde, 8,6 müň we 11,9 müň ýewro geçdi;
- Ilkibaşda 30 ýewro durýan düwlen şekilindäki üç sany ýumşak oýunjak bolsa 2,2 müň ýewro satyldy.
Söwda netijesinde gazanylan ähli serişdeler Brižit Bardonyň ýabany haýwanlara kömek etmek üçin döreden gaznasyna geçiriler. Gaznanyň baş müdiri Žislen Kalmel bu auksionyň 1987-nji ýylda Bardonyň gaznany esaslandyrmak üçin öz iň gymmatly zatlaryny satuwa çykaran çäresiniň dowamydygyny belledi.
Şol bir wagtyň özünde, aktrisanyň ýoldaşy Bernar d'Ormal auksiony «aktrisanyň ýatlamasyna hormatsyzlyk» diýip atlandyrdy we özüniň Brižit Bardo gaznasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygydygyna garamazdan, söwdalaryň özi bilen ylalaşylmandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, Žislen Kalmel onuň aýyplamasyny ret edip, çözgüdiň iýun aýynda kabul edilendigini we ony tassyklanlaryň arasynda d'Ormalyň özüniň hem bolandygyny aýdýar.
Brižit Bardo — tanymal fransuz aktrisasy, aýdymçy we fotomodel. Ol «...We Hudaý zenany ýaratdy» (1956) diýen filmden soň bütindünýä şöhratyna eýe boldy. 1973-nji ýylda, meşhurlygynyň iň ýokary derejesinde Bardo kinokarýerasyny tamamlady we ömrüniň galan bölegini janly-jandarlaryň hukuklaryny goramaga bagyşlady.
Aktrisa 2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda 91 ýaşynda aradan çykdy.
