20 mamontyň galyndylary we buz eýýamynyň aw yzlary tapyldy

Düýn, 13:422,761
1 / 3

Çehiýanyň Demirgazyk Bogemiýa sebitinde arheologlar buz eýýamyndan galan 3500-den gowrak haýwan galyndysyny tapdy. Olaryň arasynda azyndan 20 sany tüýli mamontyň süňkleri bar. Bu tapyndylar Usti-nad-Labem şäheriniň Bukow etrabynda Adalat köşgüniň gurluşygy wagtynda ýüze çykaryldy.

Takmynan 1000 inedördül metr meýdany tutýan gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerinde tüýli kerkleriň, atlaryň, demirgazyk sugunlarynyň we towşanlaryň galyndylary hem tapyldy. Şeýle-de arheologlar giçki grawet döwrüne degişli daş gurallaryny ýüze çykardy. Olaryň arasynda päkiler, kesiji gurallar we pyçaklar bar.

Mamontyň galyndylary

Mamontlaryň süňklerinde galan kesik yzlary gadymy adamlaryň täze awlanan haýwanlarynyň etini pudarlandyklaryny görkezýär. Tapyndylaryň arasynda mamontyň dişinden ýasalan asma bezeg, gyzyl ohradan galan tegmiller we oduň ulanylandygyny görkezýän yzlar bar.

Radiokarbon usuly bilen geçirilen barlag tapyndylaryň ýaşynyň, takmynan, 28 800–25 600 ýyl aralygyndadygyny görkezdi. Tapylan mamontlaryň köpüsi ýaş hem-de uly haýwanlar bolupdyr. Bu bolsa şol ýerde birnäçe gezek aw edilendiginiň alamaty bolup biler.

Daş peýkamyň bölejigi

Alymlar haýwanlaryň DNT-sini, olaryň iýmitleniş aýratynlyklaryny we beýleki häsiýetlerini öwrenmegi meýilleşdirýär. Bu barlaglar mamontlaryň ýaşaýyş-durmuşy we gadymy adamlaryň näme sebäpden bu ýere zol-zol gelendigi barada has köp maglumat almaga mümkinçilik berer.