Winston Çerçilliň çeken suratyny ýarym million funt sterlinge satmak isleýärler

Şu gün, 07:221,396
1 / 2

Londondaky «Christie’s» auksionynda Winston Çerçilliň 1948-nji ýylda çeken «Amaryllis Lily» («Amarillis») atly suraty satuwa çykarylar. Surata 300–500 müň funt sterling (398–663 müň dollar) aralygynda baha kesildi.

Suratda stoluň üstünde duran küýzedäki gyzyl amarillis güli şekillendirilýär. Onuň arkasynda garaňky diwar görünýär. Çerçill bu eseri gyzy Meri Soumsa sowgat beripdir. 1995-nji ýylda Meri Soums suraty «Churchill Fellowship» gaznasyna geçiripdir. Suratyň satuwyndan geljek serişdeler sungaty goldamaga gönükdirilen «Making Space for the Arts» maksatnamasyna geçiriler.

Çerçill surat çekmek bilen 40 ýaşynda meşgullanyp başlapdyr we ömrüniň dowamynda 500-e golaý eser döredipdir. Onuň iň gymmat satylan eseri «Kutub Minar metjidiniň diňi» atly peýzaž suratydyr. Ol Ikinji jahan urşy döwründe çekilip, 2021-nji ýylda «Christie’s» auksionynda 8,285 million funt sterlinge satylypdyr. Surat ozal Anjelina Joliniň eýeçiliginde bolup, oňa öňki ýanýoldaşy Bred Pitt tarapyndan sowgat berlipdi.