Fransuz polisiýasy bir aý mundan ozal Kan-sýur-Mer şäherindäki Ogýust Renuaryň muzeýinden ogurlanan üç suratyň ikisini tapdy. Jenaýat işi boýunça 6 adam saklandy. Bu barada Reuters habar berýär.
Tapylan eserler Pariždäki Orse muzeýine degişli bolan «Madam Kolonna Romano» we «Guýy başyndaky ýaş gyz» atly suratlarydyr. Olaryň nirede we nähili ýagdaýda tapylandygy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.
Kan-sýur-Mer şäheriniň häkimi Braýan Masson metbugat ýygnagyny geçirmegi meýilleşdiripdi, ýöne derňew işlerine päsgel bermezlik üçin ony ýatyrdy.

RTL radiostansiýasynyň maglumatyna görä, talaňçylyga gatnaşan diýip çak edilýän 30 we 42 ýaşly iki erkek kişini jenaýat ýerinde galan zatlardan tapylan DNT yzlary boýunça anyklamak başartdy. Olaryň ikisi-de ozal polisiýanyň göz astyna düşen. Ýene üç şübheliniň bolsa, öň kanun bilen baglanyşykly bozulmalary ýok. Altynjy şübhelenýän welin, sungat eserlerini satmak bilen meşgullanýan adam bolup çykdy. Derňewçiler ony talaňçylykda güman edilýän adamlary yzarlamak arkaly tapdylar.
Ogurlanan üçünji surat heniz tapylmady.
Öňem habar berşimiz ýaly, soňky bir ýylyň dowamynda Fransiýanyň muzeýlerinde uly seslenme döreden birnäçe ogurlyk boldy. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Luwr muzeýinden bahasy 88 million ýewro barabar bolan imperatorlar toplumyna degişli şaý-sepler ogurlandy. 2026-njy ýylyň iýul aýynda Lalik muzeýinden 20 sany gymmatly eksponat alnyp gidildi. Şu aýyň başynda bolsa Issuar şäherindäki muzeýden Salwador Daliniň elinden çykan, agramy 150 kilogram bolan «Apokalipsis» kitabynyň bürünç daş sahaby ogurlandy.