Gaiti-kanadaly ýazyjy Telison Orelýeniň ilkinji romany bolan "Ýa şeýle, ýa-da ölmeli" (C'était ça ou mourir) Fransiýada romanlaryň satuw sanawynyň başyny çekdi. Ýazyjy ozal romany emeli aňdan peýdalanyp ýazmakda aýyplanypdy.
21-27-nji sentýabr aralygynda Fransiýada kitabyň 18 254 nusgasy satyldy, bu bir hepde öňküsinden, takmynan, 46% köp diýmegi aňladýar. Roman umumy sanawda bir non-fikşn kitapdan we iki mangadan soň dördünji orny eýeledi. 19-njy awgustdan, ýagny satuwa çykarylandan bäri kitabyň 65 000 töweregi nusgasy satyldy.

Şeýle-de bolsa, satuwyň artmagyny heniz diňe bu dawaly mesele bilen baglanyşdyrmak mümkin däl. Neşirýat pudagynyň wekili kitabyň aýyplamalar ýüze çykmazdan öň meşhurlyk gazanyp başlandygyny Le Figaro gazetine aýtdy.
Romanda Latyn Amerikasynyň hem-de ABŞ-nyň üsti bilen Kanada baran gaitili migrantyň başdan geçirenleri barada gürrüň berilýär. 21-nji sentýabrda kitap Fnac baýragyna mynasyp boldy, ýöne birnäçe sagatdan soň anonim hasap Orelýeni generirlenen emeli aňy ulanmakda aýyplady.
Ýazyjy aýyplamalary ret etdi, neşirýatçy Grasset bolsa awtora doly ynanýandygyny mälim etdi. Soňra ýazyjynyň öňki tekstleri hem edebiýat ogurlygynda aýyplanyp başlandy.
25-nji sentýabrda Gonkur akademiýasy edebiýat ogurlygy hakyndaky habarlara we tekstde emeli aňyň ulanylyp-ulanylmandygy babatda geçirilen seljermäniň netijesine salgylanyp, romany baýragyň gysga sanawyndan çykardy. Şondan soň Orelýen Fransiýa syýahatyny kesip, Kanada gaýdyp geldi.