HBO teleýaýlymy ýakynda çykjak «Harri Potter» serialyndan ilkinji doly göwrümli bölegi görkezdi.
Wideo «Okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli meýlis» («The Start-of-Term Banquet») diýlip atlandyryldy. Tomaşaçylar Hogwartsyň Uly zalynda mekdebiň müdiri Albus Dambldory (Jon Litgou) we professor Makgonagally (Janet Maktir), şeýle hem Griffindoryň stolunyň başynda oturan Harri Potter (Dominik Maklaflin) we beýleki talyplary görüp biler.
Sosial torlarda franşizanyň muşdaklary asyl kitapda bar bolan, ýöne 2001-nji ýylda ekranlaşdyrylan «Harri Potter» filminde aýdylmadyk jümlelere üns berdi. Täze wideoda Harri müdir barada: «Dambldor, näme, biraz telberäkmi?» («Is Dumbledore a bit mad?») diýip soraýar. «Harri Potter we jadygöýlik daşynda» atly birinji kitapda Potter bu soragy müdiriň agşamlyk naharynyň öňüsyrasynda aýdan geň sözlerinden soň berýär: «Tentek! Köpürjik! Galyndy! Hile! Boldy, hemmäňize sag boluň!».
Şonuň bilen birlikde, çykarylan bu wideo bölek HBO-nyň ekranlaşdyrmasynda wakalaryň diňe Harriniň gözi bilen däl-de, eýsem başga taraplardan hem görkeziljekdigini aňladýar. Seriala asyl nusgada bolmadyk Dambldor bilen Makgonagallyň arasyndaky täze dialog goşuldy: mugallymlaryň stolunyň başynda olar oglanjygyň kakasy Jeýms Potter bilen meňzeşligi barada gürrüň edýär.
Serialyň birinji möwsüminiň ilkinji görkezilişi 25-nji dekabrda HBO teleýaýlymynda bolar. Häzirki wagtda Joan Roulingiň «Harri Potter we gizlin otag» atly ikinji kitabynyň esasynda ikinji möwsümi düşürmek işleri dowam edýär.