Fransiýanyň Issuar şäherindäki Häzirki zaman sungaty merkezinden «Apokalipsis» atly üýtgeşik kitabyň sahaby ogurlandy. Žozef Fore tarapyndan döredilen bu kitabyň agramy 210 kilograma deňdir. Onuň bahasy birnäçe million ýewro diýlip çaklanylýar. Bu barada Klermon-Ferran prokuraturasyna salgylanyp TF1 habar berýär.
Ilkibaşda habarlarda tutuş kitabyň ogurlanandygy aýdylýardy, emma soňra prokuratura jenaýatçylaryň diňe onuň bürünçden ýasalan sahabyny alyp gidendiklerini mälim etdi.
1958-nji ýylda döredilen bu neşir öz döwründe dünýädäki iň gymmat kitap hasaplanypdyr.

Klermon-Ferran prokuraturasy waka boýunça derňew işine başlady. Derňewi ýerli žandarmlar bölümi alyp barýar.
«Apokalipsis» kitaby Ýahýa pygamberiň Wahy kitaby esasynda döredilipdir. Eseriň bezeginiň üstünde XX asyryň 14 sany suratkeşi we ýazyjysy işläpdir. Olaryň arasynda Salwador Dali, Žan Kokto, Žan Žýuno we Emil Çoran hem bar.
Kitabyň umumy agramyndan, takmynan, 150 kilogramy Daliniň döreden we gymmat bahaly daşlar bilen bezelen bürünç sahabynyň agramydyr. Kitap doly açylanda uzynlygy 150 metre ýetýär. Ol golýazma görnüşindäki ýazgylar ýerleşdirilen 150 sany uly pergamentden durýar. Bezeg işlerinde kalligrafiýa usulynda ýazylan, takmynan, 95 müň harp ulanylypdyr.

1958-nji ýylda döredilen wagtynda eseriň bahasy 2 million fransuz frankyna deň bolupdyr. 2003-nji ýylda asly grek fransuz kolleksioneri Kristian Karutzos kitabyň auksionda bölekleýin satylmagynyň öňüni almak üçin ony Ýaponiýadaky eýelerinden satyn alýar.
1961-nji ýyldan 1972-nji ýyla çenli «Apokalipsis» dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen 146 sergide görkezilipdir.