Britaniýaly suratkeş Jeýk Endrýuda «sinesteziýa» diýlip atlandyrylýan seýrek nerw ulgamynyň aýratynlygy ýüze çykaryldy. Bu ýagdaýda duýgularyň biri-biri bilen utgaşmagy, ýagny bir duýgynyň başga bir duýgy bilen baglanyşmagy bolup geçýär.
Mysal üçin, sinesteziýaly adamlar her bir sany belli bir reňkde kabul edip bilýär. Sinesteziýa kesel hökmünde bejerilmeýär, ol psihologik ýa-da newrobiologik barlaglaryň netijesinde anyklanylýar.
Euronews neşiriniň habar bermegine görä, Endrýuda bu aýratynlyk sesleri kabul edýän wagtynda ýüze çykýar. Ol islendik sesi dessine öz reňki, keşbi we gurluşy bolan şekiller hökmünde duýýar. Mysal üçin, motosikliň sesini goýy melewşe tegmil, itiň üýrüşini bolsa açyk ýaşyl reňk hökmünde kabul edýär.

Suratkeş, esasan, wiolonçeliň sesini halaýar. Ol bu owazy tutuksy, ýöne tukat däl diýip hasaplaýar:
«Ol tutuksy, ýöne elhenç däl. Onda, ine, şol araçäk hem bar... Meniň näme diýjek bolýandygyma düşünýänsiňiz-le? Edil ses çykýan turbanyň gyrasyndan tozan bölejikleri ýokary galýan ýaly-da».
Sentýabr aýynda Endrýu Londonyň Wokshall etrabynda geçirilen çykyşda sazy täsin kabul edişini köpçülige-de görkezdi. Pianinoçylar Kamden Stýuart we Kerim Kamar erkin saz çalyp, täze owazlary döretdiler, Endrýu bolsa olary reňkler arkaly suratlara geçirdi.
Endrýunyň saz bilen baglanyşykly reňk duýgulary hemişe adamlaryň reňkler we lezzet baradaky adaty düşünjelerine gabat gelmeýär. Mysal üçin, ol mi-minor saz äheňini, köplenç, goýy gök reňkde kabul edýär.
Sasseks uniwersitetiniň aň-bilim newrologiýasy boýunça professory Jeými Worduň düşündirmegine görä, ses bilen reňkiň utgaşmagy arkaly ýüze çykýan sinesteziýa — hromesteziýa diňe bir reňkleri we şekilleriň gurluşyny däl, eýsem hereketi hem öz içine alyp biler.

Endrýu käwagt şeýle duýuş aýratynlygynyň ünsüni jemlemegine päsgel berýändigini boýun alýar. Muňa garamazdan, ol sinesteziýany öz durmuşynyň aýrylmaz bölegi hasaplaýar:
«Bu meniň üçin muşakgat däl. Gaýta men onsuz nädip ýaşap biljegimi-de göz öňüne getirip bilemok».