Madridiň merkezinden müňden gowrak goýun-geçi geçirildi

Düýn, 16:006,993
1 / 3

Ispaniýanyň paýtagty Madridiň merkezinde mallary möwsümleýin öri meýdanlaryna geçirmek däbine bagyşlanan «Fiesta de la Trashumancia» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şäheriň taryhy köçelerinde 1 250 goýnuň we 160 geçiniň gatnaşmagynda geçen bu üýtgeşik ýörişe müňlerçe adam tomaşa etdi diýip, Infobae neşiri habar berýär.

1994-nji ýyldan bäri geçirilýän bu baýramçylyk mallary tomusda daglyk ýerlere, gyşda bolsa düz öri meýdanlaryna möwsümleýin göçürmek däbine bagyşlanýar. Çäräniň esasy maksady çopançylygyň gadymy ýollaryny we maldarçylyk däplerini gorap saklamagyň ähmiýetine ünsi çekmekden ybarat.

Şu ýyl süri Kasa-de-Kampo seýilgähinden alnyp gaýdyldy. Mallar Puente-del-Reý köprüsinden geçip, şäheriň taryhy merkezine tarap ýola düşdi. Olar Kuesta-de-la-Wega we Kaýe-Maýor köçelerinden, şeýle-de Plaza-de-la-Willa meýdançasyndan geçirildi.

Ýaşaýyş jaý meselesindäki kynçylyklara nägilelik bildirýän aktiwistleriň Puerta-del-Sol meýdançasynda düşelge gurandyklary üçin ýörişiň ugry üýtgedildi.

Plaza-de-la-Willa meýdançasynda çopanlar ýene bir taryhy däbi berjaý etdiler. Olar her müň mal üçin 50 marawedi (gadymy ispan we portugal teňňesi) möçberinde şertli töleg etdiler. Bu däbiň taryhy 1418-nji ýyldan gözbaş alýar.