Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny Milli baýram bilen gutlady

Düýn, 11:032,931
1 / 2

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filipp VI-a tüýs ýürekden berk jan saglygy, bagtyýarlyk we abadançylyk, Ispaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy (Fiesta Nacional de España) her ýylyň 12-nji oktýabrynda bellenilýär. 1492-nji ýylyň şol gününde Hristofor Kolumb tarapyndan Amerika açylyp, hem ýewropalylaryň, hem amerikalylaryň durmuşyny we dünýägaraýşyny üýtgeden «iki dünýäniň çaknyşygy» bolup geçipdi.

Baýramçylyk gününde ýurduň paýtagty Madrid şäherinde Ispaniýanyň Patyşasynyň we onuň maşgalasynyň, hökümet agzalarynyň hem-de sebit wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly harby ýöriş guralýar.