83 ýaşly Kerol Feýr awiasiýa pudagynda 63 ýyl işläninden soň, uçarbelet kärini tamamlady. Onuň soňky uçuşy 26-njy oktýabrda Londondan ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherine uçan «American Airlines» awiakompaniýasynyň 733-nji gatnaw ugry boýunça amala aşyryldy. Bu barada People neşiri habar berýär.
Howa menzilinde Keroly garyndaşlary, dostlary we kärdeşleri garşylady. Awiakompaniýa onuň üçin ýörite hoşlaşyk dabarasyny gurady. Uçar gonandan soň bolsa, ol ýangyn söndüriji awtoulaglaryň suw pürkmegi bilen garşylandy.

«Bu diýseň täsin, hakykatdanam, täsin! Gündogar Tennessi ştatyndan bolan 19 ýaşly gyzyň bir gün şu ýerde durjakdygyny hiç haçan arzuw hem etmändim» diýip, Feýr belleýär.
Onuň uçarbeletlik karýerasy 1963-nji ýylda başlapdy. «American Airlines» işe almakdan boýun gaçyrandan soň, ol «Piedmont Airlines» awiakompaniýasyna işe ýerleşdi. Soňra kompaniýalaryň birleşmegi netijesinde bu awiakompaniýa hem «American Airlines-iň» düzümine girdi.
Kerol Feýr onlarça ýyllyk zähmet ýolunda uçarlaryň dürli görnüşlerinde işledi. Ol karýerasyndaky iň ýatda galyjy wakalaryň biri hökmünde 1987-nji ýylda «Piedmont Airlines» kompaniýasynyň Şarlottdan Londona ilkinji uçuşyny görkezýär. Şol gezek Kerol kiçi göwrümli DC-3 uçaryndan Boeing 767 uçaryna geçipdi.
«Karýeramdaky bu möhüm waka şeýle bir tolgundym welin, bütin gije uklap bilmedim. DC-3 uçaryndan 767-ä geçdim. Özümi edil jennete düşen ýaly duýdum» diýip, Feýr şol günleri ýatlaýar.
Aradan köp ýyl geçenden soň, ol ýene-de şol ugur boýunça uçdy, ýöne bu gezek soňky gezek. Şeýlelikde, zenan ömrüniň esasy bölegini bagyş eden kärini özboluşly ýagdaýda tamamlady.

Feýr 83 ýaşynda pensiýa gitmek baradaky kararyny arzuwlan ähli zadyna ýetendigi bilen düşündirdi.
«Indi wagty geldi. Men her pursatdan lezzet aldym. 30 müň adamyň arasyndan birinji orny eýeledim. Mundan ýokary galara ýer ýok. Şonuň üçin karýeramy arkaýyn tamamlap bilerin» diýip, ol duýgularyny paýlaşdy.
Kerol Feýr indi ABŞ-nyň Weteranlar işleri boýunça ministrligi bilen bilelikde meýletinçilik we haýyr-sahawat işlerini alyp barmagy meýilleşdirýär.