«Ýaňlan diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Şu gün, 10:122,794
1 / 7

Düýn Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçdi. Bu barada TDH habar berýär.

Telebäsleşigiň jemleýji tapgyrynda welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden saýlanan 14 sany höwesjeň ýaş aýdymçy bäsleşip, nusgawy, halk we döwrebap aýdymlary yglan edilen şertlere laýyklykda sazly görnüşde ýerine ýetirdi.

Emin agzalarynyň netijeleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Karary boýunça, 7 sany gatnaşyjy bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olaryň her birine diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde şu aýdymçylar ýeňiji diýlip yglan edildi:

  • Kerem Atabaýew — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň 2-nji ýyl talyby;
  • Perhatmuhamet Esenow — Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň 4-nji ýyl talyby;
  • Aýlar Şöhradowa — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby;
  • Baýrammyrat Ýakubow — Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň Etrek etrap medeniýet bölüminiň Madaw oba medeniýet öýüniň tans goýujysy;
  • Röwşen Kakaýew — Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Akdepe etrap medeniýet merkeziniň tans artisti;
  • Atamurat Muhtarow — Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Dänew etrap medeniýet bölüminiň Ýyldyz oba medeniýet öýüniň tans goýujysy;
  • Mähri Akmyradowa — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Mundan başga-da, telebäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýeri geleninde ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidenti telebäsleşigiň gatnaşyjylaryna iberen gutlag hatynda halkyň kalbynda ebedilik orun eýelän meşhur 15 aýdymy hem sanap geçipdi.