Türkmenistanyň Prezidenti halkyň kalbynda aýratyn orun eýelän aýdymlary sanap geçdi

Şu gün, 11:495,264

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen gutlagynda meşhur türkmen ussatlarynyň halkyň kalbynda ebedilik orun eýelän 15 aýdymyny sanap geçdi. Biz türkmen aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyna giren bu aýdymlara aýratyn üns çekmegi müwessa bildik.

Resmi türkmen metbugatynda neşir edilen ýüzlenmede döwlet Baştutany aýdym-saz sungatynyň türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde aýratyn orun eýeleýändigini belledi. Aýdym-saz ençeme nesilleriň dowamynda toý-baýramlaryň we gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Şu günki günde meşhur bagşylaryň hem-de aýdymçylaryň döredijiligi milli medeni mirasyň möhüm bölegine öwrüldi.

Prezident tarapyndan ady agzalan eserleriň arasynda şular bar:

  • «Balykçynyň aýdymy» — Hojaw Annadurdyýew;
  • «Aýna» — Aýdogdy Gurbanow;
  • «Çap, atym!» — Ata Ilamanow;
  • «Duran ýerlere» — Annaberdi Atdanow;
  • «Ýyllar ýatyr aramyzda» — Öwezgeldi Tekäýew;
  • «Ülkämiň toý saçagynda» — Mämi Çaryýew;
  • «Gözleriň» — Saparmyrat Babaýew;
  • «Halyçy gözel» — Muhammet Hallyýew;
  • «Bilbil nämä saýraýar?» — Gurbansoltan Nurýagdyýewa;
  • «Ýatlama» — Gurbannazar Hojagulyýew;
  • «Boýlaryňa» — Gurban Gummanow;
  • «Aý dogan çagy» — Nurýagdy Tokgaýew;
  • «Ak maýa gerek» — Rejepmuhammet Ulugow;
  • «Gyzlaryň» — Täçmuhammet Hajyýew;
  • «Şadyýan gözel» — Atabaý Çarygulyýew.

Bu aýdymlary diňe bir diňleýjileriň söýgüsi däl, eýsem olaryň türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmäge uly goşant goşan meşhur ussatlar tarapyndan döredilmegi hem birleşdirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda olaryň döredijiligi ýaş ýerine ýetirijiler üçin nusgalyk mekdep diýlip atlandyrylýar.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda milli aýdym-saz mirasyny has-da ösdürmek üçin ýaş aýdymçylaryň halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip, meşhur ussatlaryň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny öwrenmeginiň möhümdigini hem nygtady.

Ýeri geleninde belläp geçsek, halkyň söýgüsini gazanan türkmen aýdymlarynyň köpüsini häzirki günde «Aydym.com» platformasynda hem tapyp bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.