Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, «Semena» assosiasiýasynyň başlygy Iwan Iwanowiç Kuzmine doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Iwan Kuzmine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Oba hojalyk ylymlarynyň doktory, professor, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Iwan Iwanowiç Kuzmin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) oba hojalygy we tohumçylyk pudagynda köp ýyllardan bäri zähmet çekip gelýär.
Ol 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda GDA ýurtlarynda oba hojalygyny ösdürmäge, däne we galla ekinleriniň tohumçylygyny we seleksiýasyny önümçilige ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga goşan goşantlary üçin Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesine – «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly ada mynasyp boldy.