Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» stadionynyň ýagdaýyna nägilelik bildirdi

Şu gün, 09:036,088

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparynyň türgenleşýän we halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri bolan «Arkadag» stadionynyň häzirki ýagdaýyna nägilelik bildirdi. Bu barada TDH habar berdi.

Arkadag şäherine amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda stadionyň häzirki ýagdaýynyň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi bellenildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, munuň özi şäheriň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň, stadionyň ýolbaşçysynyň, galyberse-de, Arkadag şäher häkimliginiň sazlaşykly işiniň ýola goýulmaýandygynyň netijesidir. Gurbanguly Berdimuhamedow stadiona ýokary derejede ideg edilmese, degişli ýolbaşçylara berk çäre görüljekdigini ýatlatdy.

Şeýle hem ol sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň we halkyň saglygyny goramagyň möhümdigini nygtap, hereket edýän köp ugurly sport toplumlaryny hem-de stadionlary talabalaýyk saklamagyň we olary netijeli ulanmagyň zerurdygyny belledi.

Gürrüňiň dowamynda häzirki wagtda halkara sport giňişliginde uly üstünlikleri gazanýan «Arkadag» futbol toparyna aýratyn üns berildi.