Şu gün, 24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň seýilgähiniň taslamasy we onuň çäginde goýulmagy meýilleşdirilýän dürli şekilleriň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy seýilgähiň taslamasy we şekilleriň görnüşlerini synlap, bu ýerde adamlaryň amatly dynç almaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Ol seýilgähiň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn ähmiýet bermelidigini aýtdy.
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary hem-de binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şekil taslamalarynyň hatarynda 30 müň orunlyk «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, guruljak desgalaryň görnüşi, Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdyljak bedew heýkelleriniň görnüşleri we ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň ýanaşyk ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, onuň çäginde guruljak bassyrmalaryň şekil aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy. Şekil taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdyljak bedew heýkelleriniň görnüşlerine, olaryň reňk aýratynlyklaryna üns berilmelidigi bellenildi. Bu babatda degişli düzümleriň wekilleri bilen maslahatlaşmagyň, milli atşynaslyk tejribelerinden ugur almagyň zerurdygy nygtaldy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatda şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, güýzki bag ekmek möwsümine we Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri açylan döwründen bäri bu ýerde jemi 50 müň düýp bag ekildi. Şäher häkimi şu ýylyň ýazky möwsüminde 5 müň düýp bagyň ekilendigini aýdyp, güýzki möwsümde hem 5 müň düýp bag ekmegiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow dürli görnüşli baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmekde Gollandiýanyň baý tejribesinden ugur alyp, ony Arkadag we Aşgabat şäherlerinde utgaşykly alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri maslahatda kesgitlenen wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmelidigini aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.