Range Rover Sport baýrakly at çapuwynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýeňiji boldy

Şu gün, 01:23708
1 / 4

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk atşynasy we ussat halypa çapyksuwary Gurbanguly Berdimuhamedow toý çapuwynda ýeňiji bolup, Range Rover Sport awtoulagyny aldy. Çapuw Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäginde guraldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Toý çapuwyna ähli welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden ussat çapyksuwarlar we çapuwa taýýarlanan bedewler gatnaşdy.

Arkadag şäherinden gatnaşýan Daghan atly bedewi Gurbanguly Berdimuhamedow çapmaga isleg bildirdi. Aty onuň agtygy, ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedow taýýarlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri asylly däbe eýerip, Daghan atly bedewiň boýnuna alaja daňyp, çapuwa gatnaşdy.

Gyzgalaňly geçen toý çapuwynda Gurbanguly Berdimuhamedow birinji orny we baş baýragy eýeledi. Ýeňişden soň Türkmenistanyň Prezidenti Milli Lideri gutlady, hormatly ýaşulular bolsa bedewe serpaý ýapdy.

Toý çapuwynyň ýeňijileri we gowşurylan baýraklar:

  • 1-nji orun (baş baýrak): Ýaş seýis Kerimguly Berdimuhamedowyň taýýarlan Daghan atly bedewi (Arkadag şäheri), çapyksuwar Gurbanguly Berdimuhamedow. Ýeňijä Range Rover Sport awtoulagy gowşuryldy.
  • 2-nji orun: Şöhratly atly bedew (Aşgabat şäheri), çapyksuwar Toýly Pirmyradow – Toyota Fortuner awtoulagy.
  • 3-nji orun: Azamat atly bedew (Ahal welaýaty), çapyksuwar Hudaýberdi Aşyrow – Toyota Camry awtoulagy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öz gazanan Şa serpaýyny — Range Rover Sport awtoulagyny seržant Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän ýeri bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölümine sowgat berdi. Ony goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýew kabul edip, hoşallyk duýgularyny bildirdi.