Birbada göräýmäge london çekiji demir kellesi we agaç sapynyň galyndylary bolan düýbünden adaty çekiç ýaly görünýär. Ýöne bir zat — guralyň daşyň içinde ýerleşmegi haýran galdyrýar. Hut şu ýagdaý ABŞ-da artefaktlar barada tutuş bir rowaýatyň döremegine getirdi diýip, «Arkeonews» habar berýär.
Bar bolan maglumatlara görä, çekiç 1930-njy ýyllarda Tehas ştatynyň London şäheriniň golaýynda tapyldy. Red-Krik obasynyň golaýynda Maks we Emma Han gowşak jynsyň içinden çykyp duran agaç bölegini gördi. Daşy döwenlerinde, onuň içinde çekijiň kellesi bardy. Häzirki günde hakyky artefakt Tehas ştatynyň Glen-Rouz şäherindäki Dörediliş subutnamalary muzeýinde saklanýar.
Soňrak guralyň daşyndaky jynsyň (daşyň) ýaşynyň ýüzlerçe million ýyl bolup biljekdigi baradaky tassyklamalar peýda boldy. Şu ýerden hem haýran galdyryjy çaklama ýüze çykdy: diýmek, çekijiň ýaşy dinozawrlardan hem uly bolmaly.
Metalyň düzümi hem gyzyklanmany has-da artdyrdy. Käbir seljermeler onuň 96,6% demirden, 2,6% hlordan we 0,74% kükürtden ybaratdygyny görkezýär. Adaty bolmadyk çaklamalaryň tarapdarlary muny gadymy döwürde näbelli ösen tehnologiýanyň bolandygynyň şaýady hasaplaýar. Muzeýiň nygtamagyna görä, çekijiň kellesi igelenenden soň, asla poslamadyk diýen ýaly ýalpyldap duran demir ýüze çykaryldy.
Ýöne esasy mesele metal bilen däl-de, onuň tapylan ýeri bilen baglanyşykly. Çekiç gowy öwrenilen gadymy çuň geologik gatlakdan däl-de, köwdäki owranyp duran daşyň içinden tapyldy. Şol sebäpli golaýdaky tebigy hek jynslarynyň ýaşyny nazara alyp, guralyň ýaşynyň hem şonçadygyny nygtamak bolmaz.
Daş örtüginiň döreýşi barada başga-da ýönekeý düşündiriş bar. Minerallara baý bolan suw predmetleriň daşynda kem-kemden gaty hek çökündilerini emele getirip bilýär. Nazaryýet taýdan şeýle usulda daşyň içinde häzirki döwrüň çekiji hem bolup bilerdi.
Hatda metalyň düzümi hem näbelli gadymy tehnologiýanyň bardygyny subut etmeýär. Giňden ýaýran seljermeleriň we olaryň düşündirişleriniň ygtybarlylygy hem jedelli mesele bolup galýar.
2026-njy ýylyň ýanwar aýynda bu çekiç bilen bagly waka hem bolup geçdi: internet auksiona meşhur london artefakty hökmünde görkezilen çekiç çykaryldy. Ýöne muzeý hakyky nusganyň häzirem özünde saklanýandygyny, satylan zadyň bolsa, ähtimal, birnäçe onýyllyklar öň ýasalan göçürme nusgalaryň biri bolandygyny aýtdy.
Şunlukda, london çekijiniň dinozawrlardan uludygyna hiç hili ylmy subutnama ýok. Ýöne onuň täsin daşky görnüşi, saklanyp galan agaç sapy we üýtgeşik metal baradaky gürrüňler eýýäm tas bir asyr bäri adamlary gyzyklandyryp gelýär.