«Sibir ýekeşahynyň» galyndylary tapyldy

Şu gün, 08:182,201
1 / 2

Tomsk döwlet uniwersitetiniň paleontologiýa muzeýi elasmoteriniň bölekleýin ystyhanyndan ybarat ajaýyp eksponaty kabul etdi. Mundan ozal Günbatar Sibirde we Gazagystanda bu gadymy haýwanyň diňe ýek-tük süňkleri tapylýardy.

Elasmoteriý (Elasmotherium sibiricum) Ýewraziýanyň çäginde ýaşan gadymy kerkleriň ýitip giden görnüşidir. Bu haýwanlaryň göwresi örän uly, bedenleri-de juda berk bolupdyr. Olary maňlaýyndaky uly şahy sebäpli, köplenç, «Sibir ýekeşahlary» diýip atlandyrýarlar. Çaklamalara görä, olar şahyny goranmak we güýç görkezmek üçin ulanypdyr.

Demirgazyk Gazagystanyň Kirillowka obasynyň golaýynda ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýüze çykarylan tapyndynyň içinde şol bir haýwana degişli dişi, oňurgasy, gapyrgasy, çanaklygyň bölekleri we aýagyň uzyn süňkleri bar.

Hünärmenleriň pikiriçe, elasmoteriý mundan, takmynan, 350 müň ýyl ozal ýaşapdyr we ýaşy ýigrimini töwereklän wagtlary heläk bolupdyr. Alymlar tapylan nusganyň ýetişen urkaçy haýwandygyny kesgitledi. Onuň süňkleri bu görnüşiň belli ýewropaly wekilleriniňkä garanyňda has nepis bolup çykdy.

Elasmoteriniň beýikligi, takmynan, 2,5 metre, agramy bolsa 3 tonna golaý bolupdyr. Dokumalarynyň galyndy görnüşde saklanmandygy üçin onuň şahynyň bardygy hakyndaky jedeller entegem dowam edýär.

Şeýle-de barlagçylar gadymy kerkiň galyndylary bilen birlikde tüýli kerkiň we gadymy atyň süňklerini tapdy. Täze tapyndy bu haýwanlaryň daşky görnüşini, ýaşaýyş durmuşyny we köpeliş aýratynlyklaryny öwrenmäge ýardam eder.