Işleýän Apple-1 kompýuteri Stiw Jobsuň haty bilen birlikde $1,15 milliona satyldy: bu rekord

Düýn, 10:472,161

Bonhams auksionynda «Hetfild» kolleksiýasyndan bolan seýrek duş gelýän Apple-1 kompýuteri rekord derejedäki 1 148 200 dollara satyldy. Bu barada «Hypebeast» neşiri ýazýar.

Ahyrky baha hünärmenleriň deslapky çaklamalaryndan (500–800 müň dollar) ep-esli ýokary boldy.

Enjama ady onuň ilkinji eýesi Fred Hetfildiň hormatyna dakyldy. 1978-nji ýylda ol kompaniýa programmalaryň ýetmezçilik etmeginden zeýrenip ýüz tutupdy, şonda Stiw Jobs oňa şahsy hatyň üsti bilen Apple-1-i 400 dollar goşmaça töleg bilen täze Apple II platasyna çalşyp bermegi teklip edip jogap beripdi. Hetfild bu teklipden ýüz öwürdi, Jobsuň şol haty bolsa lotuň toplumyna girdi.

48-nji belgili plata 1976-njy ýylda Stiw Woznýak tarapyndan elde ýygnaldy. Dünýäde bu modeliň saklanyp galan diňe 74 nusgasy bar.

Hetfildiň özi kompýuteri hat bilen bilelikde hususy alyja 40 müň dollara satypdy, ýöne şol wagt maşyn bejergä mätäçdi. Dikeldilenden soň Woznýak platada öz goluny goýdy. Şondan soň 2013-nji ýylda işjeň ýagdaýdaky bu Apple-1, takmynan, 686 müň dollara satyldy.