ABŞ-nyň «Perseverance» atly mars roweri başga bir planetada iň uzak aralygy geçmek boýunça rekord goýdy. Bu üstünlük resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Roweriň hasaplaýjysy onuň jemi 45,22 kilometr ýol geçendigini görkezdi. Şeýlelikde, ol 2014-nji ýyldan bäri bu ugurda öňdeligi saklap gelen «Opportunity» roweriniň rekordyndan öňe geçdi.
Geçen rekord aralygynda «Perseverance» Ýezero krateriniň günbatar gyrasyndan gaýdyp, gadymy dag jynslaryndan emele gelen Idubi diýen ýere baryp ýetdi. Bu aralygy geçmek üçin rower bäş ýarym ýyl sarp etdi. Deňeşdirmek üçin aýtsak, «Opportunity» Marsda takmynan 15 ýyl işledi.
«Perseverance-yň» üstünligi missiýanyň Marsdaky 2006-njy gününde hasaba alyndy.
Roweriň bu üstünlige ýetmegine «AutoNav» atly awtomat hereket ediş ulgamy uly täsir etdi. Hereket wagtynda enjam daş-töweregini özi gözden geçirýär, päsgelçilikleriň üç ölçegli kartasyny düzýär we hereket etjek ýoluny özbaşdak kesgitleýär. Öňki rowerler her onlarça metrden soň saklanmaly bolan bolsa, «Perseverance» bir gezekde 412 metre çenli aralygy geçip bilýär. Ol umumy ýolunyň 90 göteriminden gowragyny awtomat dolandyryş ulgamynyň kömegi bilen geçdi.
«Perseverance» Aýda goýlan aralyk rekordlaryndan hem öňe geçdi. Ol «Apollon-17» missiýasynyň ekipažynyň geçen 35,7 kilometrlik we «Lunohod-2» enjamynyň aşan 39 kilometrlik aralygyndan hem köp ýol sökdi. Häzirki wagtda Marsda işleýän «Curiosity» roweri häzire çenli 38 kilometr aralygy geçdi.
NASA eýýäm «Perseverance» missiýasynyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Rower bu döwürde Ýezero krateriniň gyrasynda hereket edip, Marsda gadymy ýaşaýşyň yzlaryny gözlemegini dowam etdirer.