NASA agentligi garaňky energiýany we materiýany öwrenmek hem-de ekzoplanetalaryň gözlegi bilen meşgullanjak täze obserwatoriýany — Nancy Grace Roman teleskopyny kosmosa ugratdy. Enjamy «Falcon Heavy» raketasy orbita çykardy, mundan soň ol Ýerden, takmynan, 1,5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän Lagranž L2 nokadyna tarap ugrar.
Reuters agentliginiň bellemegine görä, taslamanyň bahasy 4 milliard dollara barabar boldy.
«Roman» diametri 2,4 metr bolan aýna we 300 megapiksellik infragyzyl kamera bilen üpjün edilen. Onuň kamerasynyň görüş giňligi «Hubble» kosmos teleskopynyňkydan, takmynan, 100 esse giň.
NASA-nyň ylmy işgäri Juli Makeneriniň aýtmagyna görä, «Roman» bir aýyň dowamynda bütin Akmaýanyň ýoluny synlap, 20 milliarda golaý ýyldyzy bellige almaga ukyply. Ol «Hubble» teleskopyna bu işi ýerine ýetirmek üçin ýüz ýylyň dagy gerek boljakdygyny nygtady. Missiýanyň dowamynda «Roman» 2 milliardan gowrak galaktika barada maglumat ýygnar we Ýupiter ölçegindäki 2,5 müňe golaý ekzoplanetany ýüze çykarar.
NASA-nyň administratory Jared Aýzekman enjamyň «Hubble» we «James Webb» ýaly meşhur boljakdygyna ynanýar. Esasy missiýa bäş ýyl dowam eder, soňy bilen ony uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar. Teleskopyň ilkinji alan suratlaryna bolsa gyşky baýramçylyklaryň öň ýanynda garaşylýar.
Teleskopa NASA-nyň kosmos maksatnamasynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan astronom Nensi Greýs Romanyň ady dakyldy.
Şol bir wagtyň özünde, NASA «Blue Origin» kompaniýasyna-da Marsa ediljek missiýalar üçin aragatnaşyk ulgamyny döretmegi tabşyrdy. Bu şertnamanyň durmuşa geçmegi üçin 700 million dollar bölünip berler. Kompaniýa ylmy maglumatlary we suratlary geçirmegi, nawigasiýany, Marsyň üstündäki hem-de orbitasyndaky enjamlar bilen aragatnaşygy üpjün etjek orbital apparaty işläp düzmeli, ibermeli we ulanyşa girizmeli.
«Blue Origin» kosmos enjamyny 2028-nji ýylyň 31-nji dekabryndan gijä galman NASA-nyň garamagyna tabşyrmaly. «Mars Telecommunications Network» ulgamyny bolsa 2030-njy ýyla çenli Marsdan işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu ulgamy döretmegiň esasy maksady, geljekde Marsa ugradylýan robotlaşdyrylan we adamly missiýalaryň sanynyň köpelmegi bilen baglydyr.