Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Kanadadaky ilçisini bellemek barada degişli Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Esen Aýdogdyýew — tejribeli diplomat. Ol 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde attaşe wezipesinde işläp başlady, 1993–1997-nji ýyllarda bolsa Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika hem-de Karib basseýniniň ýurtlary bilen gatnaşyklara jogap berýän bölümçelerde ikinji sekretar wezipelerini eýeledi. Ol 1997-nji ýyldan 2006-njy ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň geňeşçisi boldy.
2006-njy ýylda diplomat Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi we ýurduň ÝHHG-niň ýanyndaky wekili wezipesinde işläp başlady. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekili, şeýle hem Şweýsariýadaky ilçisi wezipesine bellenildi.
Aýdogdyýew 2014-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesini eýeledi. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi wezipesine bellenildi. Soňlugy bilen bu wezipäni Sloweniýadaky, Bolgariýadaky we Serbiýadaky ilçi wezipeleri bilen utgaşdyrdy.
2026-njy ýylyň 6-njy martyndan bäri Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi wezipesini ýerine ýetirip gelýär.