ÝB we Kanada strategik bileleşigi döretdiler

Şu gün, 14:09853

Kanada bilen Ýewropa Bileleşigi ykdysady howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň umumy giňişligini döretmäge gönükdirilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýýandyklaryny mälim etdiler. Bu barada ÝB bilen Kanadanyň sammitiniň netijeleri boýunça çap edilen bilelikdäki beýannamada aýdylýar.

Täze hyzmatdaşlyk geosyýasy dartgynlylyga, dünýä ykdysadyýetiniň böleklere bölünmegine, serişdeler ugrundaky bäsdeşlige we ýokary tehnologiýalar babatdaky göreşe garşy bilelikde hereket etmegi maksat edinýär.

Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni Ottawanyň Brýussel bilen gatnaşyklaryny mümkin boldugyça ýokary derejä çykarmagy maksat edinýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Kanada Ýewropa Bileleşiginiň ilkinji assosirlenen agzasy bolup biler. Taraplar ýakyn aýlarda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň şertlerini we çäklerini kesgitlemegi meýilleşdirýär.

Bilelikdäki beýannamada liderler köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, demokratiýa we halkara tertibe ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem olar halkara gapma-garşylyklaryny çözmek ugrunda bilelikde hereket etmek we dünýäniň dürli sebitlerinde, şol sanda Arktikada howpsuzlyk babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar sanly söwda baradaky ylalaşyk boýunça gepleşikleri tamamladylar. Täze ylalaşyk Kanada bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hereket edýän söwda-ykdysady ylalaşygyň üstüni ýetirer.

Hökümetiň statistiki maglumatlaryna görä, Kanadanyň umumy daşary söwda dolanyşygynyň, takmynan, 9 göterimi Ýewropa Bileleşiginiň paýyna düşýär.