Tokaýew baýlar üçin salgydy ýokarlandyrmak meselesine garamagy teklip etdi

Şu gün, 13:101,645

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew halka ýüzlenmesinde uly baýlyga eýe bolan raýatlar üçin salgyt möçberini ýokarlandyrmak meselesini ara alyp masla-hatlaşmagy teklip etdi. Bu barada Tengri News neşiri habar berdi.

«Meniň pikirimçe, uly baýlyga eýe bolan adamlara salynýan salgydyň möçberini ýokar-landyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagyň wagty geldi» diýip, Gazagystanyň döwlet Baştutany belledi.

Tokaýewiň sözlerine görä, bu başlangyç ýurduň ösüşine baý raýatlaryň hem adalatly goşant goşmagyny göz öňünde tutýar. Hökümet we Gurultaýyň agzalary bu başlangyjy öwrenip, ol boýunça degişli teklipleri taýýarlar.

Prezident salgyt ulgamynyň has aýdyň we açyk bolmalydygyna hem ünsi çekdi. Onuň pikiriçe, salgytlaryň ýygnalyşyny gowulandyrmak we kölege ykdysadyýeti azaltmak üçin sanly tehnologiýalardan hem-de emeli aňdan has işjeň peýdalanmak zerur.

2026-njy ýyldan bäri Gazagystanda şahsy girdeji salgydynyň tapgyrlaýyn möçberi hereket edýär. Ol boýunça, ýyllyk girdejisi 36 million tengä çenli bolan raýatlar 10%, bu möçberden ýokary girdejililer bolsa 15% salgyt töleýärler.

Tokaýewiň teklip eden täze, ýokarlandyrylan salgyt möçberiniň nähili boljakdygy häzirlikçe belli däl.