BMG: Dünýäde ýiti garyplyk şertlerinde ýaşaýan adamlaryň sany 1,2 milliarda ýetdi

Düýn, 23:241,090

Dünýäde köpölçegli ýiti garyplyk şertlerinde ýaşaýan adamlaryň sany geçen ýylyň dowamynda 51,5 million adam köpelip, 1,2 milliarda ýetdi. Bu barada BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Oksford uniwersitetiniň Garyplyk we adam ösüşiniň meseleleri boýunça başlangyjy tarapyndan neşir edilen 2026-njy ýyl üçin köpölçegli garyplygyň global indeksiniň täzelenen maglumatlarynda habar berilýär.

Köpölçegli garyplygyň global derejesi 2010-njy ýylda bu sosial hadysa öwrenilip başlanaly bäri ilkinji gezek ýokarlandy.

Köpölçegli garyplyk adamyň ýa-da öý hojalygynyň bir wagtyň özünde kadaly ýaşaýyş üçin zerur bolan bilim, saglygy goraýyş, infrastruktura, arassaçylyk, ýaşaýyş jaýy we iýmitlenmek ýaly möhüm şertlerden mahrum bolmagyny aňladýar.

Hasabata görä, Ýerdäki ähli garyplaryň ýarysyndan gowragy — 617 milliony çagalar. Garyplaryň, takmynan, 83 göterimi oba ýerlerinde ýaşaýar. BMGÖM-üň administratory Aleksandr De Kroo bu ýagdaýyň dünýä üçin duýduryş bolmalydygyny nygtap, açlyk, bilimsizlik, arassa suwuň we elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlara kömek etmekde ösüş gazanmagyň mümkindigini belleýär.

Täze maglumatlara görä, Müsürde, Nepalda we Täjigistanda garyplygyň derejesi hem-de garyplaryň sany azaldy. Angolada we Zambiýada garyplaryň paýy azalan hem bolsa, ilatyň ösüş depgini sebäpli umumy görkeziji-de ýokarlandy.

Nigeriýada we Gyrgyzystanda garyplyk görkezijileri statistik taýdan ýaramazlaşdy, ýöne Eswatini, Hytaý, Wýetnam ýaly döwletler garyplygy azaltmakda uly ösüş görkezdi. Eswatinide 15 ýylyň içinde köpölçegli garyplykda ýaşaýan adamlaryň paýy 38,7 göterimden sekiz göterime çenli azaldy.